Golaýda Aşgabat şäherinde slawýan aşhanasyna ýöriteleşen ilkinji restoran açyldy. Açylyş mynasybetli gatnaşýan myhmanlary milli lybasdaky gyzlar duz-çörek bilen garşy aldylar.
Bu taslama restoranyň eýesi, türkmen telekeçisi Myrat Annamuhammedowyň Russiýanyň Woronež we Moskwa şäherlerinde ýaşap, işlän döwründe döreden pikirinden gelip çykypdyr. Ýaş telekeçi geçen ýyl ata Watanymyza dolanyp gelenden soňra taslamany durmuşa geçirmäge girişipdir.
Milli aýratynlyklary bolan bezeg işlerini ýerine ýetirmek birnäçe aýa çekipdir, ýörite nahar sanawy düzülipdir. Myhmanlara hyzmat edýän işgärleri üçin däp bolan lybaslar taýýarlanypdyr. Stollaryň üsti hem nagyşlar we el keşdeleri bilen bezelipdir.
Menýuda slawýan aşhanasynyň meşhur tagamlaryndan borş, börek, dürli süýjülikler, şeýle-de samowarda demlenen hoşboý ysly çaý bar.
– Restoran açmak baradaky pikir Russiýada ýaşan döwrümde döredi. Şol ýerde men ýerli däp-dessurlaryň çuňlugyna göz ýetirdim. Şol duýgyny öz mähriban, myhmansöýer ýurduma getirmek, adamlaryň diňe bir datly tagamlardan lezzet alman, eýsem, slawýan öýüniň ýylylygyny we rahatlygyny duýup biljek ýerini döretmek isledim – diýip, ýaş telekeçi restoranyň açylyş dabarasynda gürrüň berdi.
PDF








