21-nji noýabrda paýtagtymyz Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäklerinde polşaly pianinoçy Woýçeh Waleçegiň konserti geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti, Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çäre paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdy. Indi köp ýyldan bäri her ýykyň güýz paslynda ýurdumyzda Ýewropa sungatyny we medeniýetini tanyşdyrýan dürli çäreler geçirilýär. Konsert iki bölümden ybarat bolup, sazanda ilkibaşda ýekelikde, soňra bolsa Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet orkestri bilen bilelikde çykyş etdi.
Şirinden-şirin sazlaryň ýaňlanan konsertiň açylyşynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa hem-de Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow çykyş etdi. Ministr öz çykyşynda medeniýetiň we sungatyň dünýä döwletleriniň we abraýly halkara guramalaryň arasyndaky gatnaşyklary berkidýän dostluk köprüsidigini belläp, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň hem özara hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeltmäge, medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirjekdigini berk ynanýandygyny aýtdy. Ol sözüniň ahyrynda Türkmenistan bilen Ýewropa bileleşiginiň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz çuňňur hoşallygyny bildirdi.
Ilçi Beata Peksa öz çykyşynda: “Men medeniýetiň hemişe milletleriň arasynda köpri bolandygyna ynanýaryn. Aýratyn hem saz bizi birleşdirýän we çuňňur duýgular arkaly biri-birimize has gowy düşünmäge kömek edýän umumy dilde gepleýär. Şonuň üçin Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňňur goldaýar we medeni alyş-çalşygymyzy ösdürmekden we halkymyzy birleşdirmekden buýsanýar” – diýip belledi.
Bu döredijilik agşamy Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary şöhratlandyrdy we tomaşaçylary baýramçylyk sazynyň töweregine jemledi.
Konsertiň maksatnamasyna Friderik Şopen, Klod Debýussi, Lýudwig wan Bethowen, Isaak Albenis, Wolfgang Amadeý Mosart, Frans List we Nikkola Pagganini ýaly Ýewropanyň belli kompozitorlarynyň döreden eserleri girizilipdir.