Öýde suwuň iň köp sarp edilýän ýeri aşhanadyr. Daşky gurşawa zyýan ýetirmezlik üçin suwy tygşytly ulanmak ähmiýetlidir. Şeýle hem gündelik durmuşda sarp edilýän suwuň arassalanmagy üçin hem energiýa sarp edilýär. Şol sebäpli, suwuň tygşytlanmagy bilen energiýanyň hem tygşytlanýandygyny unutmaň! Eýsem, suwy tygşytlamak üçin näme etmek maslahat berilýär?
Miwe we gök önümleri bir gaba suw guýup, ilki şonuň içinde ýuwuň! Soňra ony akyp duran suwda ýuwuň! Miwe ýuwlan suw bilen öýüňizdäki güllere suw berip bilersiňiz. Munuň üçin çaýyň galyndysyny hem ulanmak bolar.
Nahardan soňra gap-gaçlar ýuwlanda, ilki iýmit galyndylaryny aýryň! Sebäbi iýmit galyndylary lagym ulgamyny dykyp biler. Gyzgyn suw ýagy we beýleki hapalary aňsatlyk bilen aýyrýar.
Käbir gap-gaç ýuwujy enjamlar elde ýuwandakydan has az suw sarp edýär. Eger şeýle enjamyňyz bar bolsa, ony gap-gaçdan dolduryp, soňra işlediň!
Öýde suw damyp duran ýer bar bolsa, ony bejerdiň! Yzygiderli akýan damjalar günüň dowamynda 20 litre barabar suwuň isrip bolmagyna sebäp bolýar.
Doňduryjydan çykarylan et we beýleki iýmitleriň doňuny çözmek üçin akyp duran suwdan peýdalanmaň! Munuň ýerine doňdurylan iýmiti has öňünden çykaryp goýuň!