Taryhynda ilkinji gezek toparçadan çykmagy başardy

14

“A” toparçanyň beýleki oýnunda Günorta Koreýa bilen Günorta Afrikanyň ýygyndylar duşuşdy. Oýnuň başlarynda koreýler erjellik görkezen hem bolsalar, soňlugy bilen GAR-yň ýygyndysy has ökde çykyş etdi. Duşuşyk 1-0 hasabynda Günorta Afrikanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şol ýeke-täk goly-da 63-nji minutda Tapelo Maseko geçirdi. Günorta Afrikanyň ýygyndysy 2-nji ýeri eýeläp, 4-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda ilkinji sapar toparçadan çykmagy başardy. Günorta Afrikanyň ýygyndysy 1/16 finalda “B” toparçanyň ikinjisi Kanadanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Günorta Koreýanyň ýygyndysynyň bolsa, iň gowy 3-nji ýeri eýelän 8 toparyň arasynda bolmak mümkinçiligi dowam edýär.