4-nji dekabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde «Sanly giňişlik: emeli aň we maglumat manipulýasiýasy döwründe onlaýn gatnaşyk» atly III halkara mediaforum öz işine başlady. Forum Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekilhanasy tarapyndan guralýar.
Forumyň açylyşy Astana şäherindäki Maksut Narikbaýew uniwersitetinde geçirildi. Oňa Türkmenistandan we beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden media wekilleri hem-de žurnalistler gatnaşýar.


“Zaman Türkmenistan” gazetinden hem žurnalistiň çagyrylan mediaforumyň esasy gün tertibine žurnalistik başarnyklary ýokarlandyrmak, durnukly žurnalistikany kemala getirmek, bu ugurdan ökde hünärmenleri taýýarlamak, ösen halkara tejribäni durmuşa ornaşdyrmak ýaly wezipeler girizildi.


Mediaforumyň dowamynda halkara duşuşyklaryň birnäçesi, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen maslahatlar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk, maglumat howpsuzlygy boýunça duşuşyklar meýilleşdirilýär.
«Sanly giňişlik: emeli aň we maglumat manipulýasiýasy döwründe onlaýn gatnaşyk» atly III halkara mediaforumyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler halkara tejribäni özleşdirmek, özara pikir alyşmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ulgamynda täze tejribeleri ornaşdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.