Ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçiriljek Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin iş saparyna gitdiler. Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy köp asyrlaryň dowamynda däbe öwrülen goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny dowam edip gelýär. Soňky ýyllarda biziň dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar medeni-ynsanperwer ulgamda hem işjeň häsiýetde ösdürilýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, geçen ýylyň 3-nji noýabrda Astana bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi.Şonda türkmen halkynyň Milli Lideri Astana şäherinde türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkelini oturtmak baradaky başlangyjy üçin goňşy döwletiň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.