3-nji noýabrda Astana bolan iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarda aýratyn orun eýeleýändigi, taryhymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, dilimiziň we ruhy gymmatlyklarymyzyň umumylygy bu gatnaşyklaryň berk binýadyny döredýändigi bellenildi. Medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleri Türkmenistanda hem-de Gazagystanda geçirilýän halkara çärelere yzygiderli gatnaşýarlar, Medeniýet we kino günleri, bilelikdäki konsertler, maslahatlar, sergiler, festiwallar geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip etdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Astana şäherinde türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkelini oturtmak baradaky başlangyjy üçin goňşy döwletiň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe täze gurulýan Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda gazak halkynyň pelsepeçi alymy we beýik akyldar şahyry Abaý Kunanbaý oglunyň heýkeliniň oturdyljakdygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň görnükli şahsyýetlerine bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip edildi.