UEFA Çempionlar Ligasynyň 2-nji ýarym finalçysy PSŽ topary boldy. Parižde 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan PSŽ toparynyna “Aston Willa” bilen myhmançylykdaky duşuşyk ýeňil düşmedi.
Birmingemdäki oýna fransuz klubunyň oýunçylary erjel girişdi. Entek ýarym sagat dolmanka, parižlileriň 2 goragçysy tapawutlanmagy başardy. 11-nji minutda Aşraf Hakimi hasaby açsa, 1-nji oýunda-da tapawutlanan Nuno Mendeş 27-nji minutda umumy aratapawudy hasam artdyrdy. Ýöne UEFA-nyň ýaryşlarynda özüni görkezen tälimçi Unaý Emeriniň şägirtleri ruhdan düşmedi. 34-nji minutda Tilemansyň goly bilen hasap 2-1 boldy. 2-nji ýarymda-da ýer eýeleri yzly-yzyna 2 minutda 2 gol geçirdi. 55-nji minutdaky MakGinniň, 57-nji minutda-da Konsanyň gollaryndan soň “Aston Willa” 3-2 hasabynda öňe saýlandy. Galan minutlarda-da hasaby üýtgetmek iki topara-da başartmady. Esasanam, Reşfordyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren 2 urgusyny derwezeçi Donnarumma erjellik bilen sowmagyň hötdesinden geldi.
Şunlukda, 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Aston Willa” bu üstünligi ýarym final üçin ýeterlik bolmady. “Aston Willa” topary şu möwsümde Çempionlar Ligasynyň çäginde öz meýdançasynda geçiren 6 duşuşygyň 5-sinde ýeňiş gazanyp, beýleki oýunda-da deňme-deň netije görkezdi. Şu möwsümde ähli ýaryşlary hasaba alanyňda öz meýdançasynda diňe 2 oýunda utulan “Aston Willa” 18 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär.
Iki oýnuň netijesi boýunda 5-4 hasabynda üstün çykan PSŽ topary Çempionlar Ligasynda bassyr 2-nji, soňky 6 möwsümde 4-nji, umumylykda-da 5-nji gezek ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandy.