23-24-nji aprelde Astrahanda Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2025” atly halkara forumy geçiriler.
Bu çärä GDA ýurtlaryndan, Hazarýaka sebitinden, Hindistandan we Hytaýdan wekiller gatnaşar. Forum Wolga-Hazar ulag ulgamynyň we “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ösüşine degişli derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüler.
Arasynda stiwidor (gämileriň ýüklenilmegine we ýük düşürilmegine ýöriteleşen) logistik kompaniýalary, ekspeditorlar, ýük eýeleri, şeýle hem suw, demir ýol we awtomobil ulag operatorlary bar bolan gatnaşyjylar täze ugurlary we aýratyn ykdysady zolaklary döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.
“Afanasiý Nikitin” birleşigi we “Wiwa Konsalt” kompaniýasy çäräniň guramaçylary bolup durýar. Astrahanyň sebitde möhüm ulag halkasy we logistika merkezi hökmündäki orunlaryny berkitmekde forumyň ähmiýeti uly bolar. Forum özara hyzmatdaşlygyň, täze maýa goýumlaryň çekilmegine hem-de ulag-logistika infrastrukturasynyň ösmegine ýardam edip biler.