1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda (Astrahan ş.) Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli maslahat geçirildi.
Bu maslahata Konsullygyň işgärleri, türkmen medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek boýunça Astrahanyň sebitleýin jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynda bilim alýan talyp ýaşlar, Astrahan oblastynyň Funtowо obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsuly G.Ilamanow ýaşlary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen mähirli gutlap, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti, 34 ýylyň içinde Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri hem-de geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada çykyş etdi.
Maslahata mundan başga-da türkmen medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek boýunça Astrahanyň sebitleýin jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy F.Kadyrowa, Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiniň mugallymy R.Şajiýew, W.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby G.Nepesowa çykyş etdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň okuwçylary beýik şahyryň şygyrlaryny türkmen dilinde labyzly okadylar.
Maslahatyň çäklerinde Konsullygyň geçirýän çärelerine işjeň gatnaşýan talyplara, Astrahan oblastynyň Funtowо obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde bilim alýan okuwçylara we mugallymlara Konsullygyň adyndan Minnetdarlyk hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.