7-nji mart­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Ser­dar Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şu ýy­lyň iki aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň jem­le­ri­ne ga­ral­dy.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew de­giş­li dö­wür­de al­nyp bar­lan iş­ler hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, mi­nistr­li­giň ga­ra­ma­gyn­da­ky dü­züm bö­lek­le­ri­niň işi­niň döw­re­bap de­re­je­de gu­ral­ma­gy­nyň, go­şun­la­ryň äh­li ky­sym­la­ry­nyň iň tä­ze teh­ni­ki se­riş­de­ler bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ser­ker­de­le­riň hü­när de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ýaş es­ger­le­riň wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­nil­me­gi­ne, har­by gul­luk­çy­la­ryň sö­weş­jeň hem-de na­za­ry­ýet taý­ýar­ly­gy­na äh­mi­ýet ber­mek we go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­me­giň bar­şy­na gö­zeg­çi­li­gi üp­jün et­mek ba­bat­da de­giş­li gör­kez­me­ler be­ril­di.
Baş pro­ku­ror S.Mä­lik­gu­ly­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de şu ýy­lyň ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri, mil­li ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň düz­gün­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şin­de ge­çi­ri­len bar­lag­lar bo­ýun­ça ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem äh­li ul­gam­lar­da ka­nu­ny­ly­gyň berk ber­jaý edil­me­gi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­mi­ziň pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry­nyň üs­ti bi­len ka­nun­la­ryň rüs­tem­li­gi­ni, hu­kuk ter­ti­bi­niň üp­jün edil­me­gi­ni ama­la aşyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş­de san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak hem-de dü­zü­miň iş­gär­ler üp­jün­çi­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da Baş pro­ku­ro­ra de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row 2023-nji ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri bu dü­zü­miň işi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça Mak­sat­na­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len iş­le­riň jem­le­ri, ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra­lar­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­ny­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek, hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­nyň, paý­tag­ty­my­zyň we se­bit­le­riň aw­to­mo­bil ýol­la­ryn­da ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, ýan­gyn­dan go­ran­ma­gyň ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ri­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, bu dü­zü­miň ýol­baş­çy­sy­nyň ka­nu­ny­ly­gy we hu­kuk ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­le­ri yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Äh­li dü­züm bö­lek­le­ri­niň işin­de hä­zir­ki za­man usul­la­ry­nyň peý­da­la­nyl­ma­gy ze­rur­dyr di­ýip, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy yzy­gi­der­li esas­da ila­tyň ara­syn­da ýol he­re­ke­ti­niň we ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň düz­gün­le­ri ba­ra­da dü­şün­di­riş iş­le­ri­ni ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi ta­ra­pyn­dan şu ýy­lyň iki aýyn­da ge­çi­ri­len iş­le­riň jem­le­ri, ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra­lar­da san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­gyň bar­şy, mil­li ka­zy­ýet ul­ga­my­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek hem-de iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­zy­ýet ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, bu dü­zü­miň işi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­ny we öň­de­ba­ry­jy iş tej­ri­bä­ni ha­sa­ba al­mak esa­syn­da gu­ra­mak me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­di. Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň ýol­baş­çy­sy­na de­giş­li mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­lar be­ril­di.
Soň­ra mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri N.Ata­ga­ra­ýew ga­ral­ýan dö­wür­de ýur­du­myz­da amat­ly jem­gy­ýet­çi­lik ýag­da­ýy­nyň üp­jün edi­li­şi, Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ta­ra­pyn­dan ozal ber­len tab­şy­ryk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm bö­lek­le­rin­de hä­zir­ki za­man teh­ni­ki se­riş­de­le­rin­den peý­da­lan­mak hem-de iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak me­se­le­le­ri ha­sa­bat­da be­ýan edi­len aý­ra­tyn ugur­lar bol­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, bu mi­nistr­li­giň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, onuň dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň gul­luk we ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, ola­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew şu ýy­lyň ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da ge­çi­ri­len iş­le­riň jem­le­ri, Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des çäk­le­ri­niň yg­ty­bar­ly go­ra­gy­ny üp­jün et­mek, ga­ra­ma­gyn­da­ky dü­züm­le­riň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de ýur­du­my­zyň ser­het go­şun­la­ry­nyň ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2022 — 2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, äh­li goň­şy ýurt­lar bi­len dost-do­gan­ly­gyň ser­he­di bo­lup dur­ýan ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň çäk­le­ri­ni go­ra­mak bo­ýun­ça bu dü­zü­miň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň öňün­de dur­ýan jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­re ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gel­jek­ki me­ýil­na­ma­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na ser­het ga­la­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, mer­da­na Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň ne­ti­je­li gul­luk et­mek­le­ri üçin hem-de ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­na amat­ly ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra çy­kyş eden ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now şu ýy­lyň iki aýyn­da ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len, tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ge­çi­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de bu dü­zü­mi ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň hem-de dü­züm bö­lek­le­rin­de san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­gyň bar­şy ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, hu­kuk ul­ga­myn­da gel­jek­de-de öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni öw­ren­me­giň hem-de ony iş ýü­zün­de peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dü­zü­miň ýol­baş­çy­sy­na ila­ta ýo­ka­ry de­re­je­li hu­kuk kö­me­gi­niň be­ril­me­gi­ni ta­la­ba­la­ýyk gu­ra­mak we bu me­se­lä­ni he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­ra­da tab­şy­ryk ber­di.
Soň­ra Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ge­çi­ri­len iş­ler hem-de Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­den geç­ýän, bar­ha art­ýan ýük akym­la­ry­ny, şol san­da üs­ta­şyr ge­çi­ril­ýän ýük gat­naw­la­ry­nyň bök­denç­siz he­re­ke­ti­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, örän mö­hüm üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän Wa­ta­ny­my­zyň soň­ky ýyl­lar­da bar­ha ýo­kar­lan­ýan geost­ra­te­gik or­ny bi­len bag­ly­lyk­da, bu gul­lu­gyň iş­le­ri­niň möç­be­ri­niň art­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. Yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň ga­za­nan­la­ry­nyň iş­jeň peý­da­la­nyl­ma­gy ser­het üs­tün­den geç­ýän äh­li ha­ryt­la­ryň we ýük­le­riň des­sin we ta­la­ba­la­ýyk göz­den ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz güm­rük amal­la­ry­nyň hal­ka­ra ül­ňü­le­riň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy B.Wоlsa­ha­tow bu dü­zü­mi ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ama­la aşy­ry­lan top­lum­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem san­ly ul­ga­my we bu ugur­da­ky öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na dü­zü­miň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň bar­şy ba­ra­da ha­bar be­ril­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, mig­ra­si­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­ri­niň anyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ul­gam­da iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, in­no­wa­si­on usul­lar, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry has iş­jeň ula­nyl­ma­ly­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­si jem­läp, Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne üýt­gew­siz eýe­rip, dün­ýä ýurt­la­ry we halk­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny sak­la­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şu ýö­rel­ge­le­re esas­la­nyp, Har­by dokt­ri­na­myz di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe­dir hem-de şo­ňa la­ýyk­lyk­da, gel­jek­de-de har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň gur­lu­şy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ri­ler, Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş uky­by ber­ki­di­ler.