4-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň gul­luk, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, ser­ker­de­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da ama­la aşy­ry­lan iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­ri mun­dan beý­läk-de do­wam et­dir­me­giň, Mil­li go­şu­ny­my­zy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri ama­la aşyr­mak­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri­ni yzy­gi­der­li öw­ren­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri­ne bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Baş pro­ku­ror B.Mu­ha­me­dow mil­li ka­nun­çy­ly­gyň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek, bu ugur­da san­ly ul­ga­my iş­jeň ulan­mak we pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­nun­la­ryň we hu­kuk na­ma­la­ry­nyň ta­kyk ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne pro­ku­ror gö­zeg­çi­li­gi­ni do­wam edip, mun­dan beý­läk-de ka­nu­ny­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mek ba­bat­da ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ma­gyň wa­jyp we­zi­pe bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy hem-de bu ba­bat­da Baş pro­ku­ro­ra bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row ge­çen iki aý­da ýur­du­myz­da hu­kuk ter­ti­bi­ni pug­ta­lan­dyr­mak, düz­gün bo­zul­ma­la­ryň, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek, hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­mek ba­bat­da mi­nist­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew bu dü­zü­mi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de şu ýy­lyň iki aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, ka­zy­ýet eda­ra­la­ry­na san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ry­ly­şy, ka­zy­ýet ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­me­giň bar­şy, döwlet Baştutanymyzyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da ka­nu­ny­ly­gy üp­jün et­mek, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik bäh­bit­le­ri­ni, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­giň, ka­zy­ýet eda­ra­la­ry­nyň işi­niň hi­li­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di hem-de bu ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri D.Me­re­dow şu ýy­lyň ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, Wa­ta­ny­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gy we asu­da­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­mi­ziň kons­ti­tu­si­on gur­lu­şy­ny, mil­li bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­mek, mil­li howp­suz­lyk eda­ra­la­ry­nyň işi­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy I.Ila­ma­now ge­çen iki aý­da Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des ser­het­le­ri­niň yg­ty­bar­ly go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek, ser­het go­şun­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler, bu ugur­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň döw­let ser­he­di­niň dost-do­gan­lyk ser­he­di bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di hem-de onuň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ser­het go­şun­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.
Ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now hal­ka­ra tej­ri­bä­ni or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na mil­li ka­nun­çy­lyk işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, bu dü­zü­me san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ama­la aşy­ry­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek iş­le­ri­ni has ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­giň, ra­ýat­la­ra ka­nun­çy­ly­gy dü­şün­dir­mek bi­len bag­ly wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy we bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de şu ýy­lyň ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, şol san­da san­ly ul­ga­my, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na işiň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, gul­lu­gy ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň güm­rük no­kat­la­ryn­da güm­rük düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.
Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Sa­za­kow mig­ra­si­ýa hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, gul­lu­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, dü­zü­mi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, şu ýy­lyň iki aýyn­da ama­la aşy­ry­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, mig­ra­si­ýa eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­me­gi üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gyň, ýo­ka­ry hil­li mig­ra­si­ýa hyz­mat­la­ry­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de bu ba­bat­da gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­my­zyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­ny we çäk bi­te­wü­li­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň go­ran­mak uky­by­ny ber­kit­mek, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de bu iş­le­riň mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de baş­ga-da bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.