Azerbaýjan Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň goşgulary ýerleşdirilen «Aşyk bolmuşam» atly täze kitap azerbaýjan we türkmen dillerinde çap edildi. Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasy tarapyndan neşir edilen täze kitapda şahyryň şygyrlarynyň 132-si azerbaýjan dilindäki terjimesi bilen birlikde ýerleşdirilipdir.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde guralan halkara maslahatyň çäginde bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda görnükli türkmen we azerbaýjan edebiýatçylary, alymlar hem-de jemgyýetçilik wekilleri çykyş etdiler.
– «Aşyk bolmuşam» atly täze kitap Magtymguly Pyraga, onuň öçmez-ýitmez döredijiligine hormat-sarpanyň nobatdaky güwäsidir. Bu kitaby çap eden gaznanyň halkara gurama hökmündäki aýratyn hyzmatlarynyň biriniň türki dünýäniň beýik şahsyýetleriniň edebi mirasyny wagyz etmekden ybaratdygyny belläsim gelýär. Biziň üçin şahyryň «Aşyk bolmuşam» atly täze kitabyny beýik akyldaryň Watany Türkmenistanda, onuň adyny göterýän uniwersitetde giň okyjylar köpçüligine tanyşdyrmak uly mertebedir. Ýeri gelende, gazna tarapyndan geçen ýyl bu kitabyň ýurdumyzyň paýtagtynda yzygiderli geçirilýän we uly gyzyklanma eýe bolýan X Baku Halkara kitap sergisinde tanyşdyrylandygyny hem ýatladasym gelýär – diýip, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň ýolbaşçysy Aktoty Raimkulowa tanyşdyrylyş dabarasynda belledi.