Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Olaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin şertleriň döredilmegi Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly jogapkärçilige esaslanýan tagallalaryň baş maksadydyr. Ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm strategik maksatlarynyň biri bolup durýar.
Şunda ýaş nesliň amatly şertlerde ýaşamagy, dynç almagy, zähmet çekmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, ýaşlaryň durmuş kepilliklerini gorap, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Şu nukdaýnazardan ýaş nesilleriň döwrebap ruhda terbiýelenmegi, bilim almagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin döwletimizde amala aşyrylýan beýik işler ýaş nesilleriň her biriniň ýüreginde söýgi, mähir döredýär. Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan döwletimiz bagtly, bagtyýar çagalaryň mekanydyr.
Ýaş nesliň kämil terbiýe we çuňňur bilim almagy, tebigy zehinleriniň açylmagy üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary çeper döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan birnäçe döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
Ýurdumyzyň nurana geljegini gurujylar bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimli-terbiýeli, hünär eýeleri hem-de zähmetsöýer bolup ýetişmekleri aýratyn ähmiýetlidir. Täze ýylyň ilkinji günlerinde geçirilen döredijilik bäsleşigi hem ýaş zehinli nesilleri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan aýratyn tapawutlanan zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Baýraga çagalaryň 90-sy, çagalar döredijilik toparynyň bolsa 2-si mynasyp bolmagy başardy.
Ýurdumyzyň zehinli çagalaryna we çagalar döredijilik toparlaryna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy täze 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dabaralary bilen utgaşyp ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi.
Gysga ömründe ýakymly sesi, saýrak owazy bilen sungat äleminde şan-şöhrata eýe bolan we halkymyza miras goýan aýdymlary bilen ýurdumyzyň milli aýdym-saz sungatynyň altyn hazynasynda baky orun alan Gulbabanyň hormatyna 2002-nji ýyldan bäri, her ýylda täze ýylyň başynda okuwda, sportda, aýdym-saz äleminde, ukyp-başarnykda deň-duşlaryndan saýlanan zehinli çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylmagy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkynyň medeni-mirasynyň, aýdym-saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetlerimize goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna laýyklykda giň dünýägaraýyşly, kämil ýiti zehinli ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň tassyklanan meýilnamasy hem-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi döwletimizde ýaşlara berilýän üns-aladanyň ýokarydygyny alamatlandyrýar.
Aýjeren PÄLWANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.