7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlandy. Ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasynyň we şu ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasynda taýýarlanan bu resminamanyň taslamasynda
2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edilýär.
Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meýilleşdirilýär. 2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 40 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2025-nji ýylda öňde duran wezipeler barada durup geçiap, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Biz şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçäni, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumyny gurup ulanmaga tabşyrarys. Şeýle hem Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Türkmenabat bölegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.
Ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli möhüm ähmiýeti bolan birnäçe halkara çäreler geçiriler. Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli diňe bir ýurdumyzyň raýatlaryny däl, eýsem, daşary ýurtly raýatlary hem sylaglamak bilen bagly degişli teklipleri taýýarlamagyň, ýylyň aýratyn möhüm wakalaryna öwrüljek bu şanly seneleri geçirmek boýunça häzirden ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl üçin kabul edilen maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygyny, ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň baş maksat bolup durýandygyny aýdyp, halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2025-nji ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.