Tomus we güýz pasyllarynda ýetişýän iň datly miweleriň biri hem üzüm bolup, witaminleriň hem-de minerallaryň baý çeşmesi hasaplanýar. Taryhy maglumatlarda üzümiň ata Watanynyň Ýakyn Gündogar ýurtlarydygy bellenilýär. Irki döwürlerde üzüm hasyllylygyň we bolelinligiň nyşany hasaplanypdyr. Üzüm gysga wagtyň içinde süýji miweli, çyrmaşyp ösýän ýabany ot görnüşinde tanalyp başlanýar. Şeýlelikde, bu miwe Ýewropa, Amerika yklymlaryna ýaýraýar. Üzümiň dürli reňkli – ýaşyl, gyrmyzy, gyzyl, gülgün, gara, ak görnüşleri bar. Häzirki wagtda dünýäde üzümiň dürli howa şertlerinde 10 müňden gowrak görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Üzümiň şahasy bir ýylyň dowamynda ortaça 6 metre çenli ösýär. Üzüm terligine iýilmek bilen birlikde, senagat önümçiliginde hem iň köp sarp edilýän miweleriň biridir. Hasabatlara görä, dünýäde her ýyl 75 million tonnadan gowrak üzüm öndürilýär.
Üzüm dürli ýaşdaky adamlar üçin iň gowy görülýän miweleriň biri bolup, immuniteti güýçlendirýär, beýniniň işjeňligini artdyrýar, göz saglygyny goraýar, şeýle hem bedeni birnäçe ýokumly maddalar bilen üpjün edýär.
Immuniteti güýçlendirýär. Üzüm iýmit sanawynda hökmany bolmaly miweleriň biri hasaplanýar. Düzüminde C witaminini we mikroelementleri saklaýan bu miwe kesel howpuna garşy göreşip, bedeniň gorag ulgamyny güýçlendirýär. Geçirilen barlaglarda üzümiň beýni, aşgazan-içege bilen bagly kesellerden, şol sanda düwnük keselinden goraýandygy ýüze çykaryldy. Ýagny üzümi çigidi bilen bilelikde iýmek düwnük öýjükleriniň işini bozup, zäherli täsirleri azaltmaga ýardam edýär.
Göz üçin peýdaly. Geçirilen barlaglarda üzümiň gözüň görüş öýjüklerini Günüň zyýanly täsirinden goraýandygy ýüze çykaryldy. Üzümiň düzüminde lutein we zeaksantin ýaly göz üçin peýdaly antioksidantlar bar.
Ýüregi goraýar. Üzüm ýürek üçin peýdaly miweleriň biridir. Bu miwäniň düzümindäki K witamini öýjükleriň sagdyn gan öndürijiligini üpjün edip, ýürek bilen bagly hadysalaryň öňüni almaga ýardam edýär. Esasan hem, gyzyl üzümiň düzümindäki kaliý gan basyşyny peseldip, ýüregiň kadaly işlemegini üpjün edýär. Geçirilen barlaglarda, gyzyl üzümiň holesteriniň derejesini peseldýändigi ýüze çykaryldy.
Süňk üçin peýdaly. Süýt önümlerinden başga-da, üzümiň süňküň ösüşi we sagdynlygy üçin peýdalydygy bellenilýär. Üzümiň düzümindäki kalsiý we beýleki minerallar – mis, kaliý, magniý dişiň hem-de süňküň kadaly işini üpjün edýär.
Ukyny gowulandyrýar. Ukudan ejir çekýän bolsaňyz, üzüm iýmek arkaly melatoniniň (uky gormony) tebigy çeşmesini alyp bilersiňiz. Üzüm aladalary ýatdan çykarmaga hem-de uky bozulmalaryny aradan aýyrmaga kömek edýär.
Beýniniň işjeňligini gowulandyrýar. Üzümde saklanýan peýdaly birleşmeler, suw we B6 witamini nerw ulgamynda döräp biljek keselleriň öňüni alyp, beýniniň işjeňligini sazlaýar. Üzüm beýnidäki toksinleri we galyndylary aýyrmaga hem-de beýnini iýmitlendirmäge ýardam edýär. Şeýle hem ýady güýçlendirip, şähdaçyk bolmagy üpjün edýär.
Garramagy gijikdirýär. Üzüm bedenimizdäki zyýanly maddalara garşy göreşip, deriniň garramagyny gijikdirýär. Şeýle hem öýjükleri täzelemek bilen bir hatarda, deriniň ýaş we sagdyn bolmagyny üpjün edýär.
Şekere allergiýasy bolanlara, semizlikden ejir çekýänlere, süýjüli diabeti bolan adamlara hem-de kiçi çagalara üzüm iýmek maslahat berilmeýär.