Ispaniýanyň çempionatynda-da edil Italiýadaky sanawyň lideri üýtgedi. Madrid derbisinde “Real” myhmançylykda “Atletikodan” 5-2 hasabynda asgyn geldi. Soňky 75 ýylda garşydaşynyň derwezesinden ilkinji gezek bir oýunda 5 gol geçiren “Atletikonyň” adyndan Le Norman, Sörlot, Alwares (2) hem-de Grizmann tapawutlandy. “Realyň” gollaryny çempionatda 8-nji gezek tapawutlanan Mbappe bilen Arda Güler geçirdi. Şunlukda, “Real Madrid” çempionatda ilkinji gezek ýeňildi.
Öz meýdançasynda “Real Sosiedady” kabul eden “Barselona” garşydaşynyň öňe geçendigine garamazdan, Kunde hem-de Lewandowskiniň gollary esasynda ýeňşini baýram etdi hem-de sanawda 1-nji orna beýgeldi.
“Wilýarreal” öz meýdançasynda “Atletik” toparyny Moleýronyň ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňip, 3-nji basgançakdaky ornuny saklamagy başardy. Çempionatda tamamlanan 7-nji tapgyrdan soň “Selta” (5 deňlik, 2 ýeňliş) bilen “Žironanyň” (3 deňlik, 5 ýeňliş) entek ýeňşi ýok.
7-nji tapgyryň netijeleri:
Žirona – Espanýol: 0-0,
Hetafe – Lewante: 1-1 (Iglesias 57 – Romero 26),
Atletiko – Real Madrid: 5-2 (Le Norman 14, Sörlot 45+3, Alwares 51 p, 63, Grizmann 90+3 – Mbappe 25, Güler 36),
Malýorka – Alawes: 1-0 (Asano 37),
Wilýarreal – Atletik: 1-0 (Moleýro 77),
Raýo Wallekano – Sewilýa: 0-1 (Adams 87),
Elçe – Selta: 2-1 (Andre Silwa 18, Donald 68 – Iglesias 22),
Barselona – Real Sosiedad: 2-1 (Kunde 43, Lewandowski 59 – Odriozola 31),
Betis – Osasuna: 2-0 (Ezzalzuli 19, Kuço Hernandes 38),
Walensiýa – Owiedo (şu gije)