Elektroulag önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy hasaplanýan “Tesla” geçen ýyl garaşylandan has az ulag satdy. Muňa garamazdan, amerikan kompaniýasy ulag satuwynda dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndürijisi bolan “Audi”-den öňe geçdi. 2024-nji ýylda nemes brendiniň satuwy 12 göterim peselip, 1,67 milliona düşdi. “Tesla” bolsa, 1,79 million ulagy müşderilerine ýetirdi. Geçen ýyl Ýewropada elektroulaglara bolan isleg birnäçe ýurtda subsidiýalaryň ýatyrylmagy netijesinde garaşylandan az boldy. “Audi” geçen ýyl Germaniýa, Hytaý we Demirgazyk Amerika ýurtlarynda satuwynyň pese gaçandygyny mälim etdi. Bu kompaniýanyň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglarynyň satuwy 8 göterim azalyp, 164 müň bolupdyr.
“Audi” Brýukselde öndürilýän “Q8 e-tron” elektroulagyna bolan islegiň azalmagy bilen bu ýerdäki bir desgasyny hem ýapmagy meýilleşdirilýär.
Geçen ýyl “Tesla”-nyň satuwy hem garaşylyşy ýaly bolmady. Amerikan kompaniýasy on ýyldan bäri ilkinji gezek müşderilerine ýetirilen ulaglarynyň sanynyň azalandygyny mälim etdi. Şeýle-de bolsa, 2024-nji ýylda iň uly bäsdeşi Hytaýyň BYD kompaniýasyndan çalaja tapawut bilen, öňdeligini saklap galmagy başardy.