“Audi” elektroulaglaryny köpelder

168

Awtoulag bazarynyň geljeginiň mundan soňra dolulygyna diýen ýaly elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglardan ybarat bolmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda elektoulag öndürmeýän brend ýok diýen ýaly az. “Xiaomi”, “Sony” we “Apple” ýaly tehnologiýa kompaniýalary hem elektroulag tehnologiýasyny öndürmäge goşant goşýar. Dünýäniň iň ygtybarly ulaglaryny öndürýän “Audi” kompaniýasy hem bu ugurda maýa goýumyny özleşdirýär. Şwed kompaniýasy 2026-nji ýyldan başlap, global bazara diňe elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglara çykarar we 2033-njy ýyla çenli içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglarynyň önümçiligini tapgyrlaýyn ýatyrar. Kompaniýa “Vorsprung 2030” strategiýasynyň çäklerinde önümçilik desgalaryny hem elektroulag öndürmek üçin taýýarlap başlady. Bäsdeşlerinden tapawutlylykda kompaniýa bar bolan önümçilik toruny hem giňeldýär. “Audi”-niň Önümçilik we logistika boýunça agzasy Gerd Walker ähli desgalaryny geljege taýýarlaýandyklaryny, bar bolan desgalary döwrebaplaşdyryp, olaryň täze desgalar ýaly netijeli üpjün etjekdiklerini belleýär. Şeýle hem kompaniýa 2025-nji ýyla çeni işgärleriň okuwy üçin 500 million ýewro sarp eder.

Esger Baýjanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby