70 million ýyl ozal ýaşap geçen dinozawryň skeleti Şweýsariýada satuwa çykarylar. Beýikligi 4 metre ýetýän skeletiň boýy 12 metre golaý. Örän seýrek duş gelýän skeletiň 5-8 million şweýsar frangyna satylmagyna garaşylýar. “Tyrannosaurus Rex” dinozawry ýyrtyjy jandar bolupdyr. 18-nji aprelde Ženewada satuwa hödürlenjek skelet üç sany dinozawr galyndysynyň birleşdirilmeginden emele gelipdir. Auksion öýüniň eýesi Kiril Koller skeletiň adynyň “TRX-293 Trinity”-digini, sebäbi üç galyndydan emele gelendigini we olaryň ählisiniň ABŞ-da tapylandygyny mälim etdi. 293 süňk böleginden ybarat bolandygy üçin bu san onuň adyna goşulypdyr.
Mundan ozal Demirgazyk Amerikada tapylan beýleki iki dinozawr galyndylary 1997-nji we 2020-nji ýyllarda degişlilikde 8,4 million hem-de 31,8 million dollara satylypdy.
Babamurat Haýdarow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









