Kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “Avengers” filmleriniň täze 2 kinosynyň görkeziljek wagty soňa süýşürildi. “Marvel Studios” taryhyndaky iň uly taslamalaryň ikisi bolan bu filmleriň önümçiliginiň bökdenişsiz dowam etmegi üçin şeýle karara gelnendigi mälim edildi. “Marvel”-iň birnäçe hyýaly gahrymanyny özünde jemleýän bu 2 filmiň birinjisi “Avengers: Doomsday” ozal 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda ekranlara çykmalydy. Ýöne täze tertipde film 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda prokatlara ýaýradylar. Ikinji film “Avengers: Secret Wars” bolsa 2027-nji ýylyň 7-nji maýynda däl-de, şol ýylyň 17-nji dekabrynda ekranlara goýberiler. Filmleriň dekabr aýyna geçirilmeginiň ýene bir sebäbi hem şol aýda görkezilýän iri taslamalaryň prokatdan has köp girdeji gazanmagy hem sebäpleriň bolup durýar. Iki filme-de doganlar Antoni we Jou Russolar režissýorlyk edip, olar “Avengers” filmleriniň mundan öňki 2 esasy kinosyny hem surata düşüripdiler.