Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 30 ýyllyk taryhy senesine giňden taýýarlyk görülýän hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer maksatlaryny dabaralandyrýan «Awaza – dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň dürli çäreleri mazmun taýdan biri-biri bilen sazlaşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, bu halkara forum ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni köprüleri has-da pugtalandyrar. Dostlukly halklar özleriniň tans we folklor sungatynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrarlar. Şeýle-de parahatçylyga, dost-doganlyga söýgi döretmekde festiwal uly ähmiýete eýe bolar. Hakykatdan hem, şeýle boldy. Dünýäniň köp sanly ýurdundan – Eýrandan, Hindistandan, Özbegistandan, Täjigistandan gelen medeniýet we sungat ussatlary bilen türkmen medeniýet we sungat ussatlary tejribe alyşdylar.
«Daýanç» sagaldyş merkeziniň mejlisler zalynda geçirilen «Küştdepdi – parahatçylyk waspçysy» atly halkara maslahat şeýle möhüm ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Onda giň gerime eýe bolan täsirli çykyşlarda nygtalyşy ýaly, küştdepdi tansy halk döredijiligimiziň giňden ýaýran hem-de gadymy görnüşleriniň biridir. Küştdepdi tansy milli toý-baýramlarymyzyň, şol sanda maşgala baýramçylyklarymyzyň bezegidir. Küştdepdi tansynda türkmen halkynyň kämil pikir-garaýyşlary, tämiz duýgulary, ruhy ahwalatlary, durmuşa bolan synmaz söýgüsi beýanyny tapýar.
Festiwalyň çäklerinde geçirilen döredijilik duşuşyklary, tans sungaty boýunça ussatlyk sapaklary, halk döredijilik, folklor-etnografik toparlarynyň çykyşlary, öz halkynyň milli sungatyny görkezmekleri halkara çäräniň üstünliklere beslenmegine itergi berdi.
Mekan NYÝAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.