Ýakyn wagtda gojaman Hazaryň kenary halkara hyzmatdaşlygynyň nobatdaky möhüm merkezine öwrüler. Abraýly halkara forumlarydyr maslahatlary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplan ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler öz harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmak üçin kenarýaka döwletlere garaňda has köp çykdajy etmeli bolýar. Harytlaryň daşarky bazarlara ugradylmagy we getirilmegi hem uzak wagt talap edýär. Şu nukdaýnazardan bu forumyň ähmiýeti uludyr. Bu halkara maslahat on ýyldan bir gezek geçirilýär.
Ulag infrastrukturasyny yzygiderli berkidýän hem-de geografik taýdan amatly çäkde ýerleşýän ýurdumyz Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm logistik halka öwrülýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyny ösdürmek bilen bagly Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Olarda öňe sürülýän başlangyçlardyr teklipler bilelikdäki tagallalary dogry ugra gönükdirmekde hem-de deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň arasynda gatnaşyklary berkitmekde möhüm bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilmegi bu ugurda hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim bolupdy. Bu maslahat 40-a golaý döwletden we 30-dan gowrak halkara guramadan, maliýe, işewürlik we ylmy edaralardan ýokary derejeli wekilleri ýurdumyza jemläpdi.
Nobatdaky Awaza forumyna hem-de onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, kiçi ada döwletleriniň 47-siniň, az ösen ýurtlaryň 49-synyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu hem ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygyny görkezýär.
Jomart AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.