Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 4—8-nji awgust aralygynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna ýol açar. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady, ulag, energetika we ekologiýa mümkinçiliklerini giňeltmegi, olaryň halkara söwda ulgamyna doly gatnaşmagyny üpjün etmegi maksat edinýän bu maslahata taýýarlyk işleri ýokary adepginde dowam edýär. Bu iri çäräniň geçirilmegine ýardam bermekde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden daşary ýurt dillerini bilýän talyp meýletinçilerdir terjimeçiler, ýaş wagyzçylardyr habarçylar hem taýýarlanýar.
Mälim bolşy ýaly, 13-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatyny geçirdi. Onda maslahatyň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi we degişli tabşyryklar berildi. Şundan ugur alnyp, golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda mugallymlar we meýletinçi-ýardamçylar bilen bilelikde duşuşyk geçirildi. Ýaşlar onlarça döwletden gelmegine garaşylýan wekiliýetleri Aşgabat we Türkmenbaşy Halkara howa menzillerinde türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanmagyny üpjün etmekde, galyberse-de, daşary ýurtly wekiliýetleri myhmanhanalarda ýerleşdirmegiň tertibine aýratyn üns bermekde, myhmanhanalarda daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin zerur şertleri döretmekde, myhmanlary ulaglar bilen üpjün etmekde we akkreditasiýa etmekde, şeýle-de myhmanlara hyzmat etjek lukmançylyk we söwda nokatlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmekde ýardam bererler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde 7 ugurly forumlar geçiriler. Onuň dowamynda Ýaşlar forumynyň hem geçirilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň dabaralanmagydyr. BMG-niň agza döwletleriniň we guramalarynyň ýokary derejeli işgärleri, şeýle hem ýaşlaryň wekilleri, şol sanda Ýaşlar maslahat beriş toparynyň agzalary we beýleki ýaş tarapdarlar tarapyndan geçirilýän Ýaşlar forumy innowasion pikirleri ösdürmekde, durnukly ösüşi gazanmakda hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Hereketleriniň indiki 10 ýyllyk Maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan ösüşi üpjün etmekde möhüm orny kesgitleýär. Olar forumda hukuklaryny artdyrmaga we mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljegine ýol açmaga gönükdirilen garaýyşlaryny we goşantlaryny beýan ederler. Halkara maslahatlarda türkmen ýaşlarynyň yzygiderli çykyş etmekleri Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň esasy özenidir.
Gyzylgül Amanlyýewa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.