Merkezi edarasy Horwatiýanyň Zagreb şäherinde ýerleşýän “Croatia Airlines” kompaniýasy alty sany “Airbus A220-300” uçaryny satyn almak üçin şertnama baglaşdy. Kompaniýa ýene-de dokuz sany “A220” uçaryny kärendesine almagy meýilleşdirýär. Pandemiýanyň yzda galmagy bilen halkara howa gatnawlary görnetin ýokarlanyp başlady. Şeýle bolansoň, awiakompaniýalaryň sargytlary hem köpeldi. “Croatia Airlines” awiaparkyndaky köne howa gämilerini azaltmagy maksat edinýär. “Airbus” kompaniýasynyň täjirçilik işleri boýunça müdirini Kristian Şerer öndürýän uçarlarynyň Horwatiýanyň awiasiýa zerurlyklary üçin amatlydygyny belläp, A220 uçarlarynyň howa gatnawlarynda netijeliligi artdyrjakdygyny, şeýlelikde awiakompaniýanyň has çeýe hereket edip biljekdigini belledi.

Daýanç Muhamow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.