16-19-njy iýun ara­ly­gyn­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­tyn­da «Pa­ris Air Show 2025» at­ly hal­ka­ra awia­si­ýa ser­gi­si ge­çi­ril­di. Ser­gä dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy uçar­gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ry, awia­kom­pa­ni­ýa­lar we bu pu­dak­da dür­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän 2 müň 400-den gow­rak kom­pa­ni­ýa gat­naş­dy. Ser­gi­niň myh­man­la­ry iň soň­ky teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­len ho­wa gä­mi­le­ri­ni, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän dür­li ulu­lyk­da­ky uç­ýan en­jam­la­ry, döw­re­bap ka­bi­na di­zaýn­la­ry­ny we beý­le­ki soň­ky teh­no­lo­gi­ýa­la­ry gör­mä­ge müm­kin­çi­lik al­dy­lar. Ýo­lag­çy uçar­la­ry­ny ön­dür­mek­de dün­ýä­de öň­de­li­gi eýe­le­ýän «Air­bus» hem-de «Boeing» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ho­wa gä­mi­le­ri has köp ün­si özü­ne çek­di. Mag­lu­mat­lar ho­wa gat­naw­la­ry­na bo­lan is­le­giň gel­jek ýyl­lar­da hem yzy­gi­der­li ar­týandygyny gör­kez­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, ser­gi­niň çäk­le­rin­de awia­kom­pa­ni­ýa­lar tä­ze uçar­la­ry sa­tyn al­mak üçin mil­li­on­lar­ça dol­lar­lyk şert­na­ma­la­ra gol çek­di­ler. Ser­gi­niň çäk­le­rin­de di­ňe awia­si­ýa däl, eý­sem, kos­mos teh­no­lo­gi­ýa­sy­na de­giş­li tä­ze­lik­ler hem gör­ke­zil­di.

Hu­maý AN­NA­MY­RA­DO­WA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinň talyby.