Günbatar Awstraliýanyň günbatar paýtagty bolan Pert plýažlary, dostlukly halky we güneşli howasy bilen tanalýan şäherleriň biridir. 2 milliondan gowrak ilaty bolan bu şäher Awstraliýa yklymynyň Swan derýasynyň boýunda ýerleşýär. Pert şäheri tebigy gözellikleriň, milli seýilgähleriň we tebigaty söýýänleriň mekany hasaplanýar. Şäherde tokaý zolaklary köp bolup, gündogaryny Darling gerşi emele getirýär, günbataryny bolsa Hindi ummany ýuwýar. Şäheriň deňiz kenarlary 19 reňkli çägesi bilen tapawutlanýar.
Pert şäheriniň geografik taýdan ýerleşişi göz öňünde tutulyp, dünýäniň iň uzak şäheri ýa-da dünýäniň «iň ýalňyz şäheri» hem diýilýär. 6 müň 418 inedördül kilometr meýdany tutýan Pert şäherine iň ýakyn şäher Adelaýd bolup, 2 müň 500 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Güneşli howasy we gijeki yşyklandyrylyşy sebäpli Pert şäherine köpler «çyralar şäheri» (ýagty şäher) hem diýýärler. Mundan başga-da, Pert şäherine «Awstraliýanyň derwezesi» hem diýilýär.
Şäher köp sanly medeniýetiň we däp-dessurlaryň jemlenen ýeri bolup, ýylyň dowamynda birnäçe çäreler, festiwallar we dynç alyş konsertleri geçirilýär. Awstraliýanyň günbatar şäheri gülläp ösýän şäherleriň biridir. Bu ýerde köp sanly söwda merkezleri, restoranlar we güýmenje merkezleri bar. Londony ýadyňa salýan şäher gurluşygy bolan Pert şäherinde beýik binalaryň birnäçesi bolup, iň meşhury «Perth Town Hall» şäheriň dolandyryş merkeziniň edara binasy hasaplanýar. Jorjiýa soboryndaky Bell diňi hem şäheriň nyşanlarynyň biridir.
Port şäheri oba hojalygy, dag-magdan senagaty we ösen maldarçylyk pudagy bilen tanalýar. «Perth Mint» käni dünýäniň iň gadymy magdan känleriniň biri bolup, bu ýerden irki döwürlerden bäri altyn gazylyp alynýar. Şäherde ýük daşamak üçin, esasan, demir ýol ulgamyndan peýdalanylýar.
Şäheriň ýaşaýjylary myhmansöýer bolup, syýahatçylary güler ýüzi bilen garşy alýarlar. Şäherde syýahatçylar üçin birnäçe çäreler hödürlenýär. Olardan balyk tutmak, gaýykly ýüzmek, şäher seýilgählerinde medeniýetli dynç almak, açyk howada gezelenç etmek, tokaýda dynç almak ýaly güýmenjeler bar. Pert Kotteslo kenary, Skarboro we Bondi ýaly kenarýaka dynç alyş merkezleri bilen meşhurdyr. Swan derýasy şäheriň esasy nyşanlarynyň biri bolup, esasy çäreler bu ýerde guralýar. «Kotteslo Beach Beach» myhmanhanasy Pert şäheriniň meşhur ýerleriniň biri bolup, Awstraliýanyň iň köne myhmanhanasy hasaplanýar. Şäherde gül ösdürip ýetişdirmäge hem uly üns berilýär. Şol sebäpli şäher seýilgählerinde we botanika baglarynda gülleriň dürli görnüşlerini görmek bolýar. «King Park» botanika bagy dünýädäki iň uly şäher seýilgähleriniň biri bolup, dürli ösümlikleriň we ýabany tebigatyň mekany hasaplanýar.
Şäherdäki milli seýilgählerde janly-jandarlaryň howpsuzlygyna uly üns berilýär. Şäherde öz ugruna gezip ýören kengurulara, koala we kwokka ýaly şadyýan jandarlara duş gelmek bolýar. Bu ýere barýan syýahatçylar Awstraliýanyň endemik jandarlarynyň ýanynda durup ýadygärlik surata hem düşüp bilýärler. Pert şäherine her ýyl 5 milliondan gowrak syýahatçy barýar.