Awstriýanyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen aşa sagçy “Erkinlik partiýasynyň” lideri Gerbert Kikle täze hökümet gurmagy tabşyrdy. Bu barada EFE habar gullugy habar berdi.
-Kikl hökümet gurmak baradaky gepleşiklerde täsirli çözgütleri tapyp, zerur ynamdan peýdalanýar. Ol bu jogapkärçiligi öz üstüne almaga taýyn, şonuň üçin oňa hökümet gurmak baradaky gepleşikleri dowam etdirmegi tabşyrýaryn – diýip, Aleksandr Wan der Bellen belledi.
Wan der Belleniň aýtmagyna görä, bu karar oňa aňsat düşmändir, ýöne ol Awstriýanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerine we kadalaryna eýermegini dowam etdirjekdigini ynandyrdy.
Awstriýanyň Prezidenti konserwatorlaryň, sosial-demokratlaryň we liberallaryň koalisiýa döretmek boýunça gepleşikleri şowsuz tamamlanandan soň, aşa sagçy partiýanyň liderine hökümet gurmagy teklip etdi. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda geçirilen saýlawlarda “Erkinlik partiýasy” sesleriň, takmynan, 29 göterimini aldy, şonuň üçin hökümet gurmak üçin Kikl koalisiýa döretmek boýunça gepleşikleri geçirmeli bolar.