Şu günden başlap, Koreýa Respublikasynda meýdany
1 müň metrden uly bolan awtoduralgalar Gün panelleri bilen örtülmeli bolar. Şeýle-de 80 we ondan köp ulaga niýetlenen duralgalarda hem Gün panelleri oturdylar. Bu düzgün täze guruljak we häzirki bar bolan duralgalara degişli edildi. Düzgüne görä, Gün panelleriniň önümçilik kuwwaty her 10 inedördül metrde azyndan 1 kW bolmalydyr. Şeýle düzgün arassa çeşmelerden alynýan energiýa önümçiligini artdyrmak we boş ýerleri peýdalanmak maksady bilen girizildi. Ýurtda Gün elektrik beketleriniň önümçilik kuwwaty geçen ýyl 2,5 GW artdyrylyp, 29,5 GW-a ýetipdir.
Aýgül ATAGELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









