Dünýäniň iň iri awtoulag öndürijileriniň biri bolan “Stellantis NV” hem-de “Bayerische Motoren Werke AG” (BMW) kompaniýalary Ýaponiýanyň “Panasonic Holdings Corp.” kompaniýasy bilen elekroulag önümçiligi boýunça hyzmatdaşlyk eder. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Demirgazyk Amerikada elektroulag batareýa zawodlary gurlar.
Adatça öý hojalyk tehnikalaryny hem-de elektron enjamlary öndürmegi bilen tanalýan “Panasonic” kompaniýasy soňky ýyllarda elektroulaglar üçin batareýalary öndürýär. Kompaniýa elektron enjamlaryň adaty AA batareýalarynyň uly görnüşlisi bolan silindr şekilli batareýalary öndürýär.
Soňky on ýylda “Panasonic” awtoulag öndüriji kompaniýasy üçin milliardlarça batareýa öndürdi. Silindr şekilli batareýalar has kiçi, emma kuwwatly bolýar. kompaniýanyň esasy müşderisi elektroulag önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjysy hasaplanýan “Tesla” bolup durýar.
Elektroulaglarda, esasan, litiý-ion batareýalar ulanylýar. Emma bu batareýalar agyr bolup, adatça gymmatly çig maldan öndürilýär. Ýapon kompaniýasynyň işläp taýýarlan çözgüdi has ýokary tehnologiýa talap edip, kiçi bolmagy bilen tapawutlanýar.
Joşgun Arslanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF








