Ýeriň hemrasy häzire çenli dürli enjamlaryň kömegi bilen müňlerçe gezek surata düşürildi. ABŞ-nyň Aerokosmos edarasynyň hünärmenleri Aýyň ýene bir suratyny taýýarladylar. Munuň üçin 10 sany ýokary durulykdaky surat birleşdirilipdir. Her bir piksel takmynan 1,3 kilometre gabat gelýär. Aslynda, “Lucy” kosmiki gämisi geçen ýyl Ýupiteri öwrenmek maksady bilen uçurylypdy. Ol Aýyň golaýynda geçeninde Aýyň ýüzüni has ýakyndan surata alypdyr. Emeli hemra Aýy Ýer bilen Aýyň aralygynda, Aýa 260 müň km uzaklykdan surata alypdyr. Şonuň üçin fotosuratda Aýyň Ýerden görünýän, hemmelere mälim bolan tarapy bar. Suratda Aýyň 1 müň 200 kilometrlik aralygy görkezilýär.

Ak-gara reňkli surat emeli hemranyň L’LORRI (“Lucy Long Range Reconnaissance Imager”) atly enjamy arkaly düşürilipdir. Bu enjam Jon Hopkins adyndaky amaly fizika laboratoriýasy tarapyndan dolandyrylýar.