Mundan beýläk Stambuldaky dünýä belli Aýa-Sofiýa metjidine girip görmek daşary ýurtlular üçin tölegli boldy. Bu barada Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý habar berdi.
-Biz ÝUESKO-nyň tekliplerini we global tejribeleri nazara alyp, Aýa-Sofiýa baryp görmek üçin dolandyryş meýilnamasyny taýýarladyk. 15-nji ýanwardan başlap, daşary ýurtly syýahatçylar üçin metjide giriş tölegli boldy. Biz giriş gapylaryny üýtgetdik: ybadat maksady bilen metjide gelýänler häzirki gapydan, syýahatçylar bolsa, başga bir gapydan girerler. Jahankeşdeler üçin ykjam enjamlara geçirip bolýan ýörite audiogid işlenip düzüldi. Eger-de olar isleseler, girelgede gulaklyk alyp, ybadathanada özbaşdak gezelenç edip bilerler – diýip, Mehmet Nuri Ersoý sözüniň üstüne goşdy. Bina baradaky maglumatlar daşary ýurtly jahankeşdelere gulaklyk arkaly ýetirilýändigi sebäpli ybadat edýänleri birahat etmez.
Keramatly Sofiýa sobory Wizantiýa binagärliginiň kaşaň ýadygärligi bolup, 532-537-nji ýyllarda imperator Ýustiniananyň görkezmesi bilen gurulýar. Birnäçe gezek abatlanan kaşaň bina 1453-nji ýylda Wizantiýa imperiýasy ýykylansoň, metjide öwrülýär. 1935-nji ýylda häzirki zaman türk döwletini esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan gol çekilen karara laýyklykda, ybadathana muzeý bolýar. Binagärlik toplumy 1985-nji ýylda Stambulyň taryhy künjeginde ýerleşýän beýleki ýadygärlikler bilen birlikde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilýär.
2020-nji ýylyň iýulynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Aýa-Sofiýanyň metjide öwrülendigi we şol ýerde musulman dessurlarynyň dowam etdirilmegi baradaky karara gol çekdi. Şondan ozal tölegli girilýän bina tölegsiz bolupdy. Täze karar bilen bolsa, daşary ýurtlular üçin tölegli, namaz okalýan bölüminde ybadat etjekler üçin tölegsiz bolmagyna galdy.