“SpaceX” kompaniýasy kosmos bilen bagly täze maksatnamasyny mälim etdi. Kompaniýa 2026-njy ýylda “Astrolab” şereketiniň işläp taýýarlan FLEX ýük ulagyny Aýa iberer. Ululygy ýolsuz ýerden ýöreýän ulagyňka barabar bolan FLEX dürli enjamlary we adam daşamak üçin niýetlenendir. Häzirki wagtda “SpaceX” kompaniýasy “Starship” atly pilotsyz kosmos gämisini işläp taýýarlaýar. Ýük ulagy şol kosmos gämisi bilen kosmosa uçurylar.
“Astrolab”-yň ýolbaşçysy Jaret Mettýus bu barada ylalaşyk gazanylandygyny belläp, munuň “SpaceX”-iň Aýyň ýüzüne ýük äkitmek üçin gol çeken ilkinji täjirçilik maksatly şertnamasydygyny aýtdy.
“Astrolab” Aýyň ýüzünde dürli ýükleri we adamy daşamak üçin ulag işläp taýýarlaýar. Çeýe logistika we açyş ulagy (FLEX) atly ýük ulagy NASA-nyň Marsdaky alty tigirli “Perseverance” robotyndan has uly bolar. ululygy “Jeep Wrangler” modeliniňkä barabar boljak FLEX sagatda 15 mil tizlik bilen hereket eder. Ulag iki orunlyk bolar.
“Astrolab” FLEX-iň Aýyň ýüzünde hereket edýän iň uly enjam boljakdygyny habar berýär. Bu ýük ulagynyň Aýda we beýleki planetalarda adamyň hemişelik ýaşamagyna goşant goşjakdygy bellenilýär.
Perhat Jumaýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









