1745-nji ýylyň 26-njy iýulynda Angliýanyň Gilford şäheriniň golaýynda aýal-gyzlar ilkinji gezek öz aralarynda kriket ýaryşyny geçirýärler. Bu baradaky habar “Reading Mercury” gazetinde çap edilýär. Habarda 26-njy iýulda, hepdäniň bäşinji güni Gilford şäheriniň golaýyndaky Bramli hem-de Hambldon obalarynyň gyzlarynyň arasynda kriket ýaryşynyň geçirilendigi bellenilýär. Habarda duşuşykda her tarapdan 11 oýunçy bolup, ähli gyzlaryň ak köýnek geýendigi, bramlilileriň kellelerine gök, hambldonlylaryň gyzyl lenta dakandygy ýazylypdyr. Mundan başga-da oýunda gyzlaryň köp erkege garaňda topy has gowy urandygy, derwezä girizendigi, ylgandygy we tutandygy aýdylýar.