“Türkmenistan” we “Magtymguly” atly ýük gämileri 2024-nji ýyldaky ilkinji halkara ýüzüşini Bakunyň deňiz portuna amala aşyrdylar.
Geçen ýylda “RO-PAX” görnüşli, awtoulag tirkeglerini we ýolagçylary daşaýan “Berkarar” we “Bagtyýar” parom gämileri Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Bakunyň halkara deňiz söwda portunyň arasynda üznüksiz we işjeň ýük gatnawlaryny amala aşyrdylar. Bu gämileriň her biri bir ýüzüşinde degişli aralyga 54 sany ýük awtoulagy we 200 ýolagçyny 12 sagatda eltip bilýär.
Bu barada tca.gov.tm habar berýär.
PDF









