Fransuz suratkeşi we oýlap tapyjysy Lui Dager, 1839-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda özüniň «dagerotipiýa» usulyny ulanyp, Aýyň ilkinji fotosuratyny düşürdi. Şowly ýagdaýda düşürilen fotosurat o diýen aýdyň bolmasa-da, bu astronomiýada täze eýýamy açan uly ädim boldy. Şol wagta çenli alymlar asman jisimlerini diňe el bilen çyzyp belleýärdiler. Dageriň bu açyşy bolsa, asman jisimlerini takyk suratlandyrmaga ýol açdy.
PDF









