Aýyň ýü­zün­den al­nan top­rak nus­ga­la­ryn­da aşa ki­çi aý­na bö­le­jik­le­ri­niň için­de su­wuň bar­dy­gy anyk­lan­dy. Bi­ler­men­ler bu bö­le­jik­leriň gyz­dy­ry­lyp, su­wy aň­sat­lyk bi­len alyp bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. «Na­tu­re Ge­oscience» žur­na­lyn­da çap edi­len ma­ka­la­da suw­ly bö­le­jik­le­riň Ýe­riň hem­ra­sy­na ga­çan me­teo­rit­ler bi­len ba­ran­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Yl­my bar­la­gyň çäk­le­rin­de öw­re­ni­len top­ra­gyň nus­ga­la­ry 2020-nji ýyl­da «Chang’e 5» kos­mos gä­mi­si bi­len ge­ti­ri­lip­dir.
Hy­ta­ýyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­ler­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bar­lag­da 50 mik­ro­metr (sa­çyň ýo­gyn­ly­gy ýa­ly) bi­len 1 mil­li­metr ara­ly­gyn­da­ky 150 zer­re­jik öw­re­ni­lip­dir.

Şi­ri­naý GUR­BAN­MÄM­ME­DO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.