Miwe berýän ösümlikleriň köpüsi bal arylar we beýleki mör-möjekler arkaly tozgalandyrylýar. Bu bolsa ýokary hilli hasyl almaga mümkinçilik berýär. Emma soňky ýyllarda tebigatdaky mör-möjekleriň sany azalýar. Finlýandiýanyň Tampere uniwersitetiniň bilermenleri emeli aň bilen üpjün edilen kindiwanja roboty işläp taýýarladylar. «Fairy» atly robot ösümlikleri tozgalandyryp bilýär. Uzakdan dolandyrylýan bu robot ýele garşy uçup hem-de böküp bilýär. Bu robot tozga ösümliginden ylham alnyp öndürilipdir. Şeýle-de bolsa, bu robotyň önümçilige goýberilmegi üçin entek ir. Sebäbi onuň gonduryljak ýerini anyklamak aňsat däl. 2021-nji ýylda durmuşa geçirilip başlanan taslamanyň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. Şol wagta çenli bilermenler bu meseleleri çözmeli bolarlar.
Hangeldi ITALMAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









