1918-nji ýylyň 28-nji maýynda Azerbaýjan Demoktratik Respublikasy hem-de Birinji Ermenistan Respublikasy yglan edilýär. Azerbaýjan Demoktratik Respublikasy Azerbaýjan Halk Respublikasy hem diýlip atlandyrylýar. Bu ýurt yslam dünýäsinde hem-de türki halklaryň arasynda esaslandyrylan ilkinji dünýewi döwletdir. Döwletiň gurlandygy şol döwürde Transkawkaz Demoktratik Federatiw Respublikasynyň paýtagty bolan Tiflisde (häzirki Tbilisi) Azerbaýjan Milli Şurasy tarapyndan yglan edilýär. Paýtagty Genje bolan ýurduň şol wagt 3 million töweregi ilaty bardy.