Soňky ýyllarda janly-jandarlaryň käbir görnüşiniň sanynyň azalmagy tebigata we ekologiýa düýpli täsirini ýetirýär. Şol sebäpli süýdemdirijileriň, süýrenijileriň we mör-möjekleriň köp görnüşi Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşigi (IUCN) tarapyndan sanawa alyndy. Sanawa girizilen jandarlaryň biri hem sary bokurdakly martendir. Latynça ady «martes flavigula» bolan bu jandara başgaça, harza ýa-da Aziýa marteni hem diýilýär. Tokaýda ýaşaýan bu jandar deňiz derejesinden 3 müň metr belentlikde duş gelýär.
Gimalaý daglarynda, Mýanmada, Tailandda, Laosda, Kambojada, Malaýziýa ýarym adasynda we Sumatrada, Ýawa we Borneo adalarynda ýaşaýan harza ýyrtyjy jandarlaryň iň kiçi görnüşleriniň biridir. Sütügi açyk sary reňkli bu jandaryň kellesi, aýaklary we guýrugy garamtyl reňkde bolup, bokurdagynda ak çyzygy bar. Tegelek gulakly bu jandaryň uzyn guýrugy bar. Göwresiniň uzynlygy 50-72 santimetre, guýrugynyň uzynlygy 40-45 santimetre, agramy 2,5-6 kilograma çenli ýetýän sary bokurdakly marten goranmak we aw etmek üçin güýçli ysly suwuklyk bölüp çykarýar. Aziýa marteni aw edende ýa-da uly ýyrtyjylardan gorananda erbet ys ýaýratmak arkaly garşysyndakyny huşundan giderýär. Sary bokurdakly martenler ökde awçylar bolup, iki ýa-da üç bolup aw edýärler. Syçan, towşan, ýylan, hažžyk, ýabany guşlar bu jandarlaryň esasy awy bolup, käte ýumurtga, mör-möjek bilen hem iýmitlenýärler. Bilermenleriň bellemegine görä, Aziýa marteniniň gaplaň, panda, sugun ýaly uly jandarlary awlan pursatlaryna hem duş gelinýär. Bu jandar bir gije-gündiziň dowamynda 10-20 kilometr ýol geçip, öz araçägini gözegçilikde saklaýar. 8-9 metr beýiklige böküp bilýän sary bokurdakly marten agajyň şahalaryna aňsatlyk bilen dyrmaşyp bilýär. Harza hüşgärligi, çeýeligi we çalt hereketi bilen tapawutlanýar.
PDF









