Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tu­tum­ly iş­le­riň ba­dy bar­ha art­ýar. Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek, azyk howp­suz­ly­gy­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär.

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň ba­ba­daý­han­la­ry guş­gur­sak ak bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler. Ýur­du­my­zyň esa­sy baý­lyk­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­di­ren eder­men gal­la­çy­la­r guş­gur­sak ak bug­da­ýyň ýe­ke­je dä­ne­si­ni hem is­rip et­män, meý­dan­lar­dan ýyg­nap al­mak üçin taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly alyp bar­ýar­lar.

Gal­la­çy kä­ren­de­çi­ler öz­le­ri­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky bug­daý­ly ýer­ler­de ahyr­ky tap­gyr­da ideg iş­le­ri­ni ber­jaý edip, gal­la ora­gy möw­sü­mi­ne hem yk­jam taý­ýar­lyk gör­dü­ler. Şol bir wagt­da se­bit­ler­de ýo­ka­ry iş ön­dü­ri­ji­lik­li kom­baýn­la­ry­nyň gal­la ora­gy möw­sü­mi­ne gat­naş­dy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu kom­baýn­la­ra önüm­çi­lik kär­ha­na­sy­nyň us­sa­la­ry ta­ra­pyn­dan de­giş­li teh­ni­ki hyz­mat­lar edi­lip, möw­sü­me bir­kem­siz taý­ýar ýag­daý­da go­ýul­dy.

Kom­baýn­la­ra orak möw­sü­min­de iş üs­tün­de ze­rur teh­ni­ki hyz­mat­la­ry ama­la aşyr­mak üçin göç­me abat­laý­jy to­par­lar dö­re­dil­di. Bu to­par­lar hü­när­men­ler, te­j­ri­be­li us­sa­lar, abat­laý­jy en­jam­lar, äti­ýaç­lyk şaý­la­ry we beý­le­ki ze­rur se­riş­de­ler bi­len üp­jün edil­di. Bu bol­sa orak möw­sü­min­de kom­baýn­la­ryň bök­denç­siz iş­le­dil­me­gi­ne şert dö­re­der. Şeý­le hem taý­ýar ha­sy­ly bug­daý ka­bul ediş no­kat­la­ry­na da­şa­mak üçin eda­ra-kär­ha­na­la­ryň, aw­tou­lag kär­ha­na­sy­nyň, şah­sy ho­ja­lyk­la­ryň ýük aw­tou­lag­la­ry­ny peý­da­lan­mak ba­ra­da şert­na­ma­lar bag­la­şyl­dy.

Umu­man, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta ber­me­gin­de Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­n­da şu ýy­lyň 4-nji iýu­nyn­da gal­la ora­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň eder­men ba­ba­daý­han­la­ry bol­sa 11-nji iýun­da gal­la ora­gy­na gi­ri­şer­ler.

Gü­löw­ser AN­NA­ÝE­WA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.