Alym­lar ag­la­ýan bä­be­gi kö­şeş­dir­me­giň iň go­wy usu­ly­ny öw­ren­mek üçin Ýa­po­ni­ýa­da we Ita­li­ýa­da yl­my bar­lag ge­çir­di­ler. Bu ba­ra­da «Cur­rent Bio­lo­gy» žur­na­lyn­da ma­ka­la ne­şir edil­di.
Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, ag­la­ýan bä­be­gi gu­ja­gy­ňa alyp, 5 mi­nut gez­me­le­me­li. Soň­ra otu­ryp, 5-8 mi­nut gö­te­rip sak­la­ma­ly. Oňa mä­hir­li söz­ler bi­len ýüz­len­me­li. Şeý­le edi­len­de bä­be­jik özü­ni ra­hat du­ýar hem-de süý­ji uka gi­der.
Tej­ri­be sy­na­gy­na 7 aý­ly­ga çen­li bä­bek­ler gat­naş­dy­ryl­dy. Bä­bek­le­riň hos­sar­la­ry­na dört usul: bä­be­gi eli­ňe alyp ýö­re­mek, otu­ryp gu­ja­gyň­da sak­la­mak, sal­lan­çak­da ýa­tyr­mak we sal­lan­çak­da üw­re­mek hö­dür­le­nil­di. Sy­na­gyň ne­ti­je­sin­de bä­bek gö­te­ri­lip, gez­me­le­di­lip baş­la­nan­da onuň ýü­rek ur­şu­nyň öz ka­da­sy­na gel­ýän­di­gi hem-de 30 se­kun­dyň için­de kö­şeş­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Em­ma beý­le­ki usul­lar oňaý­ly ne­ti­je ber­me­di. He­re­ket­siz ýag­daý­da ene gu­ja­gyn­da ça­ga­nyň kö­şeş­me­ýän­di­gi, he­re­ket et­me­giň tä­sir­li­di­gi anyk­la­nyl­dy. Tej­ri­bä gat­na­şan bä­bek­le­riň 46 gö­te­ri­mi 5 mi­nut­lyk «ge­ze­lenç­den» soň go­wy uka git­di. Bä­be­gi gez­dir­mek ony di­ňe bir kö­şeş­dir­män, eý­sem, go­wy uk­la­ma­gy­na hem kö­mek ed­ýär.
Yl­my bar­la­gyň do­wa­myn­da uka gi­den ça­ga­la­ryň üç­den bi­ri 20 se­kunt­dan soň oýan­dy. Alym­lar mu­nuň se­bä­bi­ni anyk­la­mak üçin kar­di­og­ram­ma bar­la­gy­ny ge­çir­di­ler. Gör­lüp otu­ryl­sa, bä­be­jik­le­riň ene­le­rin­den uzak­la­şan ba­dy­na ýü­rek ur­şy art­ýar eken. Bu ýag­da­ýy alym­lar ene bi­len ça­ga­nyň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şy­gyň we mä­hir-söý­gi­niň ala­ma­ty hök­mün­de kes­git­le­di­ler.