2027-nji ýylyň başynda Ras-Al-Haýmda Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrika sebitiniň ilkinji toplumlaýyn “Wynn Al Marjan Island” oýun şypahanasy açylar. Bu täsin desganyň gurluşygy eýýäm Al Marjan adasynyň beýikliginden hem 40 metr geçdi. Onuň umumy beýikligi 300 metre golaý bolup, 2025-nji ýylyň ahyrynda doly taýýar bolar. Oýun şypahanasy adanyň 62 gektar ýerini tutar. Ak gumly kenary bolan täze taslama Pars aýlagynyň we Hajar dagynyň görnüşine eýe bolar. Bu ýerde gelýän myhmanlar üçin 1542 sany ýokary derejeli otaglar we 22 hususy willalar bar. Şeýle hem şypahananyň 3,6 gektaryny tropik ösümlik bagy tutýar. Bulardan başga-da, dürli güýmenjeler üçin ulular, çagalar üçin serhowuzlar gurlandyr. Merkezde 15 müň inedördül metr söwda meýdany, şeýle hem 7 müň 500 inedördül metrlikde ýygnak we dabara merkezi tutar. Geljekde bu ajaýyp şypahana binasy syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülmegine garaşylýar.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.