Baget fransuz çöreginiň taýýarlanylyşy resmi taýdan ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Degişli karar Marokkoda geçirilen maddy däl medeni mirasy goramak boýunça ÝUNESKO hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisinde kabul edildi. Guramanyň web sahypasynda habar berilmegine görä, Fransiýanyň bu ugurdaky hödürnamasynyň sanawa girizmek üçin ähli ölçeglere laýyk gelýändigi bellenilýär.
2018-nji ýylda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bagetiň taýýarlanylyşyny
ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmek baradaky hödürnamany goldapdy. 2021-nji ýylda Fransiýa bu hödürnamany ÝUNESKO-nyň garamagyna berdi.
Adaty bagetler Pariždäki ähli çörek dükanlarynda satylýar we islendik baýramyň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.
Sünnet MEHMANGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









