Şu gün – 15-nji dekabrda Arkadag şäheriniň Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmenistanda ýaş estradaçylaryň arasynda geçirilýän dürli çäreler, şol sanda «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi ýaşlaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, ýerine ýetirijileriň hünär taýdan kämilleşmegine, ýurdumyzyň häzirki zaman aýdym-saz medeniýetiniň ösdürilmegine goldaw bermäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde her ýylda guraýan bäsleşigine şu ýyl hem ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden 17 – 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaşlar gatnaşdylar.
Bäsleşik mahalynda teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler olaryň çykyşlaryny diňläp, saýlan aýdymçylaryna SMS ibermek we jaň etmek mümkinçiligine eýe boldular. Munuň özi ýaş estradaçylaryň arasynda guralýan bäsleşigiň jemleýji tapgyryna giň köpçüligi çekmekde oňyn şertleri üpjün etdi. Şeýlelikde, ýaş aýdymçylaryň arasyndan jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin 10 aýdymçy saýlanyp alyndy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna belli artistler, kompozitorlar, şahyrlar, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we köp sanly ýaşlar tomaşaçy hökmünde gatnaşdylar.
Bäsleşikde ýerine ýetirilen her bir aýdym babatda meşhur sungat işgärleriniň pikirleri diňlenildi. Şeýle hem olar ýaş aýdymçylara özleriniň maslahatlaryny berdiler. Şol wagt bolsa ses bermek işi dowam etdi. Tomaşaçylardan gelip gowşan SMS habarlary hasaplanansoň, bäsleşigi alypbaryjylar onuň jemlerini yglan etdiler. Bu çözgüt tomaşaçylaryň we emin agzalarynyň köp sesine mynasyp bolan aýdymçynyň kesgitlenmegini şertlendirdi.
Şeýlelikde, bu gezekki bäsleşigiň ýeňijisi Bahar Annaýewa bolup, ol «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ady gazanmagy başardy. Oňa göçme kubok hem-de sowgat gowşuryldy. Ýeňijä kubogy «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň geçen 2022-nji ýyldaky ýeňijisi Rüstem Hallyýew gowşurdy.
Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýylynda geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde Annaberdi Orazmämmedow birinji, Şatlyk Gurbannazarow ikinji, şeýle-de Perhat Öräýew üçünji orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.