Hemmämiziň bilşimiz ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiziň ýene bir gymmatly kitaby – «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň XIII jildi elimize gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabynda Ene topragymyzda bitýän 120 sany dermanlyk ösümligiň himiki düzümi, olaryň kesel bejerijilik häsiýetleri we ulanylyşy barada anyk maglumatlar beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIII jildiniň neşir edilmegi türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly sowgat boldy. Şu günler ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy guralýar. Golaýda şeýle dabara «Diş Lukmany» hojalyk jemgyýetinde hem geçirildi.

Tä­ze ne­şi­riň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we te­le­ke­çi­lik ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň hü­när­me­ni Al­la Rah­ma­no­wa we «Diş Luk­ma­ny» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň iş­gär­le­ri Be­genç Sap­by­ýew, Gur­ban­gül Hal­ly­ýe­wa da­gy­lar gym­mat­ly ne­şi­riň ma­ny-maz­mu­ny ha­kyn­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di­ler. Çy­kyş eden­ler Gahryman Arkadagymyzyň köp jilt­li ki­ta­by­nyň XIII jil­di­niň hal­ky­my­zyň ýan­ki­ta­by­na öw­rül­jek­di­gi­ni bel­läp geç­di­ler. Alym Arkadagymyzyň tä­ze ki­ta­by­nyň ýur­du­my­zyň baý ösüm­lik dün­ýä­si hem-de halk luk­man­çy­ly­gy­nyň ga­dy­my däp­le­ri bi­len gy­zyk­lan­ýan oky­jy­lar üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­tlidigi bel­le­nil­di. Çün­ki bu ki­tap­da yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da mö­hüm be­je­ri­ji­lik, şy­pa be­ri­ji­lik äh­mi­ýe­ti bo­lan ösüm­lik­le­riň mel­hem­lik hä­si­ýet­le­ri, ola­ryň ýyg­na­ly­şy, sak­la­ny­ly­şy, şeý­le hem olar­dan der­man­lyk se­riş­de­le­ri­niň taý­ýar­la­ny­ly­şy we ola­ryň ula­ny­ly­şy ba­ra­da­ky gym­mat­ly mag­lu­mat­lar gi­ňiş­le­ýin be­ýan edil­ýär. Ene top­ra­gy­myz­da ös­ýän der­man­lyk ösüm­lik­le­riň fo­to­su­rat­la­ry hem gö­zel te­bi­ga­ty­my­zyň mel­hem­lik ösüm­lik­le­re diý­seň baý­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Da­ba­ra­da çy­kyş eden­ler hormatly Prezidentimiziň bu düýp­li ese­rin­de mag­lu­mat­la­ryň be­ýan edi­li­şi, hä­zir­ki za­man de­re­je­sin­dä­ki çap edi­liş usu­ly bi­len örän ta­pa­wut­lan­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy­lar. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nda uly ösü­şler hem-de üs­tün­lik­ler ga­za­nylýar, hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan we ama­la aşy­ryl­ýan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ägirt uly öz­gert­me­le­r durmuşa ge­çi­ril­ýär.
Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, ki­ta­byň sa­hy­pa­la­ryn­da der­man­lyk ösüm­lik­le­riň, şol san­da bel­li bir ýer­ler­de duş gel­ýän ösüm­lik­le­riň mel­hem­lik hä­si­ýet­le­ri, ola­ry yl­my we halk luk­man­çy­ly­gyn­da ulan­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri jik­me-jik be­ýan edi­lip, türk­men top­ra­gyn­da ös­ýän, asyr­la­ryň do­wa­myn­da dür­li ke­sel­le­ri be­jer­mek üçin ne­ti­je­li ula­nyl­ýan ösüm­lik­le­riň mel­hem­lik hä­si­ýet­le­ri ba­ra­da bi­lim­le­riň ha­zy­na­sy bo­lup dur­ýar. Köp jilt­li bu aja­ýyp ki­tap da­şa­ry ýurt­ly oky­jy­la­ra-da te­ne­kar türk­men te­bi­ga­ty­nyň baý hem tä­sin ösüm­lik dün­ýä­si­ne ga­ýy­ba­na sy­ýa­hat et­mek müm­kin­çi­li­gi­ni ber­ýär. Onuň köp dil­le­re ter­ji­me edil­me­gi hä­zir­ki za­man dün­ýä luk­man­çy­ly­gy­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne hem uly go­şant go­şup, bu ba­bat­da hal­ka­ra de­re­je­de gym­ma­ty­nyň hem-de meş­hur­ly­gy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Bu ki­tap alym Ar­ka­da­gy­my­zyň türk­men te­bi­ga­ty­na, hal­ky­my­za bo­lan eg­sil­mez söý­gü­si­niň mi­we­si bo­lup, te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şa­ma­gy ba­şa­ran pe­der­le­ri­mi­ziň top­lan tej­ri­be­le­ri­ne, dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne çuň­ňur hor­mat-sar­pa­sy­nyň, ýur­duň uly baý­ly­gy ha­sap­la­nyl­ýan il sag­ly­gy ba­bat­da­ky taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rin­de luk­man­çy­lyk ug­run­dan oka­ýan ta­lyp­la­ra kä­mil bi­lim ber­mek­de, ola­ry yl­ma hö­wes­len­dir­mek­de, mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de, şeý­le-de halk te­bip­çi­li­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli ylmy-ensiklopedik ki­tap türk­men ösüm­lik dün­ýä­si­niň öz­bo­luş­ly en­sik­lo­pe­di­ýa­sy bol­mak bi­len, şu ge­çen ýyl­la­ryň için­de di­ňe bir ýur­du­my­zyň der­man se­na­ga­ty­nyň iş­gär­le­ri we luk­man­la­ry üçin däl-de, eý­sem, ki­ta­byň dür­li dil­le­re ter­ji­me edil­me­gi ne­ti­je­sin­de onuň bi­len ta­nyş­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bo­lan da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­ler üçin hem ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gol­lan­ma öw­rül­di.
Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hal­ky­my­zyň bagt­ly we aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na dö­re­di­len şert­ler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýtdylar. Hal­ky­my­za asu­da, eş­ret­li, bag­ty­ýar dur­mu­şy peş­geş be­ren hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň ýan­ki­ta­by­na öw­rül­ýän şeý­le aja­ýyp ki­tap­la­ry­nyň höw­ri köp bol­sun!

Ogul­sol­tan Işi­mo­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we te­le­ke­çi­lik ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň Kär­deş­ler
ar­ka­la­şy­gy­nyň ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy,

Gur­ban­gül Ke­lo­wa,
«Diş Luk­ma­ny» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň hü­när­me­ni.