Ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen hem-de senagat önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge niýetlenen täze senagat kärhanalary gurulýar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümleriniň 120 müňüsini öndürýän zawodyň gurluşyk-gurnama işleriniň üstünlikli tamamlanmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu täze kärhananyň işe girizilmegi ýerli gurluşyk önümlerine bolan islegleri kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Bu barada 28-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.