10-njy oktýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda, 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli brifing geçirildi.
Brifinge Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Fizuli, Agdam we Hojawend raýonlary boýunça ýörite wekiliniň geňeşçisi, bu ýurduň Milli Mejlisiniň ýolbaşçylary we deputatlary, Türkmenistan-Azerbaýjan parlamentara gatnaşyklary boýunça iş toparynyň başlygy, Azerbaýjanyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy, Kawkaz musulmanlary edarasynyň Başlygynyň birinji orunbasary, Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkeziniň başlygy we orunbasary, Türki döwletleriň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçileri, syýasatşynaslar hem-de ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň we öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ilki bilen çärä gatnaşyjylar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurulýan metjit üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, şeýle hem ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdiler we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Şeýle hem, çykyş edenler Fizuli şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasynyň Türkmenistanyň teklibi bilen, Türki döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji sammitiniň çäklerinde geçirilmegi hem ýöne ýere däldigini bellediler. Sebäbi taryhda ilkinji gezek türki döwletleri birleşip, musulman ymmaty üçin iň mukaddes ýerleriň biri bolan metjidiň gurluşygynyň düýbüni bilelikde tutdular diýip nygtadylar.
Şeýle-de, bu başlangyç Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de bütin türki döwletleriň arasyndaky iki taraplaýyn we köp taraplaýyn gatnaşyklaryň berkemegine we ilerlemegine uly goşant goşjakdygyny hem-de azerbaýjan halkynyň bu sowgada ýokary baha berýändigini we onuň iki ýurduň arasyndaky agzybirligine şaýatlyk edýändigini aýratyn bellediler.
Çäräniň ahyrynda, çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza berk jan saglygyny, egsilmez bagty we halkara ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri we Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.