Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Balkan welaýat kitaphanasynda türkmen-amerikan kitap festiwaly geçirildi. Kitap festiwaly bilen utgaşykly geçirilen beýleki çäreler hem işjeň häsiýete beslendi. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow Balkanabat şäherinde bolup, welaýat merkezindäki durmuş maksatly, medeniýet we bilim desgalaryna baryp gördi hem-de alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu ýerde ilçi kitaphana işgärleri we okyjylary bilen duşuşygy boldy.
Balkan welaýat kitaphanasynda guralan türkmen-amerikan kitap festiwaly ähmiýetliligi bilen tapawutlandy. Kitap sergisi, kitaphananyň bölümlerine gezelenç örän täsirli boldy. Şeýle hem kitaphananyň ýedinji gatynda ýerleşdirilen obserwatoriýa otagynda oturdylan teleskobyň kömegi bilen alnan asman jisimleriniň suratlary, ýyldyzlar baradaky maglumatlar myhmanlarda has-da uly täsir galdyrdy. Körpe okyjylara amerikan ýazyjylarynyň türkmen diline terjime edilen kitaplary sowgat berildi. Kitaphananyň çagalar otagynda Ilçi iňlis dilinde erteki okap berdi, çagalar muňa diýseň begendiler.
Ilçi welaýat merkezindäki Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň Telekeçiler mekdebiniň Balkan welaýat bölümi we ol ýerde alnyp barylýan okuw sapaklary bilen tanyşdy.
Ilçiniň Balkanabat şäherindäki welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenji has-da täsirli boldy. Muzeýde ýerleşdirilen taryhy tapyndylar myhmanda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Şeýle-de ABŞ-nyň ilçisi saparynyň dowamynda welaýat merkezindäki bilim-terbiýeçilik desgalaryna-da baryp gördi we olarda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy.
Ilçi Balkan welaýatynyň baş metjidine baryp, bu ýerde metjidiň özboluşly binagärlik aýratynlyklaryny synlady.
Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşyk işjeň häsiýete eýe boldy.