Ýa­ba­ny te­bi­ga­tyň çä­gi­niň azal­ma­gy bi­len jan­ly-jan­dar­la­ryň we ösüm­lik­le­riň kö­pü­si ýi­tip ýok bo­lup git­di. Kä­bir jan­dar­lar­dan bol­sa az san­ly­sy bar. Şeý­le bo­lan­soň, bu jan­dar­la­ryň sa­ny­ny kö­pelt­mek we ýa­şa­ýyş meý­da­ny­ny gi­ňelt­mek üçin dür­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýa­ba­ny te­bi­gat­da az san­ly­sy duş­ýan jan­dar­la­ryň bi­ri hem me­nek­li su­gun­dyr (lat. “Axis axis”). Pol­şa­nyň Poz­nan şä­he­rin­dä­ki haý­wa­nat ba­gyn­da me­nek­li su­gu­nyň ow­la­gy bol­dy. Te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji­ler bu tä­ze­li­giň Ýe­riň gel­je­gi üçin äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ýaý­ra­dy­lan su­rat­lar­da ow­la­gyň aýak­la­nyp baş­lan­dy­gy­ny we ene­si­niň yzyn­dan gal­ma­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Mag­lu­mat ber­li­şi­ne gö­rä, bu ow­lak soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä inen bä­şin­ji ow­lak­dyr.
Hin­dis­tan ýa­rym ada­syn­da, Ne­pal­da we Şri Lan­ka­da ga­bat gel­ýän bu jan­dar ada­myň ag­la­ýan se­si­ne meň­zeş ses çy­kar­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Su­gu­nyň er­ke­gi­niň şa­hy 1 met­re çen­li ýet­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu jan­da­ryň sa­ny­nyň art­dy­ryl­ma­gy üçin dür­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.